Erk meselesi

Azat bolmak, atdan ýykyp,
taryhyňy ýazanlardan,
ahlagyňy bozanlardan,
arak berip ýaş başyňdan,
uly-kiçi, gul edenden,
bir şahyryň, bir ýazyjyň,
üç inžener, dört işçiniň
işi däldir, eger-eger,
sen özüňi kiçi saýsaň,
uly saýsaň ezijini,
iliňe kän taýak deger...

Synla, seret, näme bolýar,
sen adama baha berme,
daşdan garap, kiçi görnen,
uly görnen gözleriňe,
sen millete baha berme,
ezilen hem dargadylan,
ýa-da basyp başgalary,
gysyp saklan dar otagda,
imperiýa guran, gurgun,
şäherleri uly türme,
özün tussag eden, belki,
urup güýji ýetenini,
ýesir edip saklan uzak,
gara nebsi hem gorkusy
öz-özüne bolan duzak,
daşdan görseň örän güýçli,
uly diýip ýeri, ýurdy,
ýa goşuny, ok-ýaragy,
sanardan kän, uruş bolsa,
diýip ile baha berme,
näçe ýurdy basyp alsa...

Sen seretme gürleýäne,
dili güýçli seniňkiden,
özün bilmän, bilmän seni,
içi haýbat, daşy haýbat,
kiçi bilme özüňi hiç,
beýik bolan öz ýanyndan,
geçen ýoly uly, ganly
gylyjyna guwanan kän,
bolan bolsun näçe şanly...

Sen ýeňeni synla içden,
synla içden ýeňlenleri,
jaýyna bar, öýüne bar,
toýuna bar, çagysalar,
görün ýasda, gaýgysynda,
daşda durma, çyralary
gözleriňi kör etmesin,
gürleş, özüň kiçi bilme,
pikir alyş, bilmeýäniň
bilýän bolup, gülki bolma,
kitaplaryn oka, gowy
şahyrlaryn özlerinden
artykmaç bil, kemter bilme,
oka, öwren taryhlaryn,
sorag berip, setirleriň
arasyndan gözle many,
hemmejesi galamlynyň
satlyk bolmaz, arasynda
kümsüklige ýanyp jany,
dogrusyny aýdar biri,
ýa syzdyrar, öz içinden
gelşi ýaly aýdyp bilmän,
gatnaş, diňle ýürek sözün,
bütin ili, milletleri
içden görmek açar gözüň.

Iň esasy - sen özüňi
egsik saýma, kiçi bilme,
saçagyňy syla, çünki
ajy görüp düşünersiň,
uly hem baý şäherlerde,
ojagyňy syla, iliň
şu günlere alyp gelen,
saçagyňy syla, bilip,
uly ýoldur çykan ýoluň,
gör, deňeşdir, alsaň bilim.

Beýik diýlen, özün öwen,
gülen bolýan başgalara,
görersiň sen, beýle beýik,
beýle güýçli däldir, bir gün,
işin, sözün deňeşdirip,
ýa ýeňlenler, hiç kim bolup
galan beýle ejiz däldir,
ynanmasa ejizlige,
gömen başga adamlary,
taryh ýazyp täze, gowy,
ok-ýaragy ýetik bolup,
öldürenler, bir gün görseň,
goý, kim bolsun ata-baba,
hiç kimçe ýok kezzap çykar,
daşy jäjek, içi möjek,
gözleri aç, sözi ýalan,
sen zyndanly zalym baky
bolar diýme erkim alan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026