Her şarpygyň sapagy
Sen çörege, çaýa daňyp,
saklamarsyň il-ulusy,
geçip gelen otdan-suwdan,
bu günlere gyrlyp ýolda,
basyp alan basylandyr,
gar dek eräp, Gün çykanda,
wagtyň dary ýykylmaýar,
türmeleri doldur dykyp,
böl adamy adamlardan,
ilim diýse, ýurdum diýse,
goý illeri dile garşy,
saýrak bolsa, ýa ýeňilseň,
boýun alman, namart oýna,
ýarag edip okuw jaýyn,
iş ýerlerin tüpeň edip,
at iliňi ýüreginden,
beýnisinden, metbugaty
top edinip gije-gündiz,
saklamarsyň milleti sen,
bahyllyga itip baky,
itip soňsuz ýigrenjine,
gahar bilen gözün gapyp,
düşüner il, köne oýun
oýunçysyz galar kem-kem,
gül satýanlar köpeldikçe,
köpeldikçe gül alýanlar,
agzy hapa, sögünýänden,
gurjak bolan syýasata
utandykça çagasyndan,
dil bilýänler köpeldikçe,
köpeldikçe okaýanlar,
diňleýänler düýpli gepi,
ýeňil-ýelpaý gürrüňi däl,
köpeldikçe dünýä çykýan,
pikir etme, gelip tabyn,
gul bolarlar öňki ýaly,
sen kemsidip, aşak basyp,
gyrmak edip her aýaly,
her bir gyzy, açylan gül,
soldurmarsyň suwsyz goýup,
begenme sen özün assa,
garyp-gasar iýmän doýup,
sapak bolar her bir şarpyk,
her bir ýumruk, ýüze degen,
saklamarsyň ili, daýy,
ýok etmersiň halky, ýegen!