Ogry mirasy
Saparmyrat güldürýärdi,
arasynda gözün ýaşlap,
ýalbarýardy öwmäň diýip,
öň kommunist, soň mafiýa
roluny oýnap gowy,
tutuş iliň gelejegin
kim-kim bilen gitdi iýip...
Saparmyrat ogrujady,
Moskwadan sapak alan,
papak geýen, papak berse,
telpek geýen, telpek berse,
ýa şlýapa, KGB-niň
duzagyna düşen kändi,
düşjek kändi ýene baryp,
sebäbi bal tutan barmak
ýalaýardy, şerti oýnuň,
näçe gorksun gurtdan, guşdan,
çopan iýýär gowsun goýnuň...
Türmeleri doldurdy ol,
lukman bary gaçdy durman,
galanlary pökgi ýaly,
islän wagty depdi, gapdy,
diýdi biri ahyrynda,
päli azan hakdan tapdy...
Ýer olaryň elindedi,
suw olaryň elindedi,
teşne bolsaň, ýa ajyksaň,
başyň egip durmalydy,
tans et diýse, tans etmeli,
gülmelidi gül diýseler,
Saparmyrat öldürýärdi,
diri galjak bolsaň, belli,
alkyş aýdyp ejesine,
kaksyny öwmelidi,
ýüzüň tutup gara gijä,
ýa-da gündiz, alajyň ýok,
aýdyşy dek kgbeçiň,
ur diýenin urmalydy,
gyrmalydy diri ili,
türmä salyp ýa-da salman,
diýýärdi ol kazylara,
ýaşaň gowy, aýlyk alman...
Saparmyrat egrijedi,
gurjagydy Moskwanyň,
täze türkmen bolup oýnap,
gitdi abat adam goýman,
ýol olaryň elindedi,
pul olaryň elindedi,
ne gitjegi goýberýärdi,
ne geljegi getirýärdi,
oýunjakdy kanun-kada,
kazylary belläp, aýryp,
heýkelini goýdy bize,
Sapar ilin gitdi maýryp...