Siziň işiňiz
Galamyndan başga ýaragy bolmaz,
bir ok atman, bolup biler serkerde,
galyp biler ýüreklerde söweşip,
bu kim, näme, biler iller, bilmedik,
ýa görmedik bolsalar-da, sebäbi
ol gözsüziň gözi bolar seretse,
ol sözsüziň sözi bolar, neresse
çagalaryň, naçarlaryň baýdagy,
elden gaçan, tankly goşun çozanda,
siz ony basgylap, geçip gitseňiz,
ýa ýok ýaly, görmeseňiz ýazanda,
syýa edip gyzyl ganyn, taryhy,
bu onuň däl, belki, siziň işiňiz,
çörek iýjek bolsaň, ýapmaly hamyr,
sowanda däl, diňe tamdyr gyzanda.