Ysmaz edýän gorky

Indi biri ýa birleri,
iň hatarly şäherlerde,
aýtsalar-da orta çykyp,
ezilýäniň, urulýanyň,
gyrylýanyň ýagdaýyny,
gorkman soňky netijeden,
çyn ýürekden, oýun etmän,
etegine salyp başyn,
aýdyp bilse kim talaýar
garyplaryň suwun, aşyn,
öz başyndan inip biljek
gylyçlara gözün ýumup,
ynanasym gelse-de kän,
ynanmaga gorkýaryn men,
ýene-de bir gapan ýaly,
duzak ýaly ýene-de bir,
alyp gaçan gözel ömrüm,
adalat bar diýip ahyr,
ahlagy bar diýip dünýäň,
hem aglaýar içde biri,
daş obada doglan, galan,
küýseginde igläp çynyň,
sypamaga oglan başyn,
goý diýmäge ýok ysgynym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026