Netijeli iş
34 ýyl bir ili,
elin, aýagyn baglap,
baglap gözün, gulagyn,
agzyn baglap, gepletmän,
ýazyp berip diýjegin,
görgi edip iýjegin,
saklap bilmek ösüşden,
uly, kiçi wezipe däl,
ýa başartjak iş däl iki,
üç adama, dört-bäş müňe,
agzybirlik bolmasa,
gazyp çuňdan çukury,
söz baryny üýşürip,
manyly ýa manysyz,
gaýtalasaň gije-gündiz,
basyp aşak mantygy bek,
basyp aşak paýhasy bek,
hiç zat diýmän özün açýan
düýnki ogry, kezzaplara,
aýdym aýdýan aýdymlary,
sazy bilen goldap bilse,
goşgy ýazýan goşgulary,
kyssa ýazýan kyssalary,
öýde busan, busan daşda,
gizläp bilse gussalaryn,
goldap bilse birleşip il,
ezijisin, Alla beren,
güýçlem bolsa ölýän eken,
köne duşman barsaň gaçyp,
hammal bolsaň gülýän eken...