Kowlan il

Baýlar baýar gider otyr,
Alla berýär diýseň oňa,
ýa-da muňa bilip, görüp,
nädip ili talaýanyn,
bu ýerde bir uly gürrüň,
gep gerek däl, halypalar,
ýa-da ussat diýilýänler,
halk şahyry, halk bagşysy,
diýilýänler molla, işan,
hajy bolan soňky döwür,
oýun etse okuw bilen,
bilim bilen, ogurlanan,
baýa berlip okuw jaýy,
garyp garyp düşer beter,
ykbaldyr diý, diý ýazgydy,
nesibe diý, gylyklary
görmedik bol gorpa iten,
alsaň akyl, maslahat kän,
bilmedik bol alsaň paýyň,
azda-kände ortalykdan,
ýa aç galsaň çyda, sabyr,
kanagata çagyr ili,
gynanyp däl, öz-özüňi
aklar ýaly, ýuwar ýaly,
ak bolmajak gara ýüzüň,
begenýärmiň, begen, oglan,
guwanýarmyň, guwan, uýam,
iliň boldy ýurtdan kowlan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025