Uly halk

Akar suwun zäherleýän,
awy sepýän öz ýerine,
howasyny zäherleýän,
ýykýan okuw jaýlaryny,
ýakýan kitap görse agyr,
pikir-oýy talap edýän,
zäherleýän beýnileri,
çöpläp, sepläp ýalan sözi,
ogurlaýan wagtyn özi,
satýan, alýan gülýän ýüzi,
adam bolsun, bolsun döwlet,
yşyklaryn döwýän köçäň,
pully, pulsuz ýanyp duran,
nurun saçýan uzak gije,
çagalary garagolja,
göjek ýasap, ýaý atmaga
ökdelese ägä boluň,
gülkä gülen bolup ölmäň,
bu hasyly, girdejisi
aýdym-sazy çüprän iliň,
çüprän iliň kinolary,
oýunlary öli ýylan,
ýuwan bagşa, duzsuz gepe
köpeldikçe seçýän puly,
ömri gysga, derdi agyr,
emma özün saýar uly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025