Beterinden beteri
Synanyş sen gowy bolan bolmaga,
belki, gowy görünmäge bolşuňdan,
gizle içde, çyn pikiriň çykarma,
pikirdeş bol pikirdeş däl kişiňe,
hä, hawa diý, hiç ýok diýme adama,
eger-eger gelmese-de içiňden,
jedelleşme, hiç görkezme ýalňyşyn,
razy bol razy däl zadyňa,
ýa sylan bol sylamaýan ildeşiň,
tiredeşiň, garyndaşyň, keseki,
gül sen olar degşen bolsa, anekdot
aýdylan dek iň owadan, gürleşip,
birleşjek bol, bir ýaly bol bolmanda,
üýtgeşik däl, meňzeş bolsun eşigiň,
ilden artyk tämizleme köwşüňi,
dost, duşmany rahatsyz etmesin,
dakynma sagadyň owadan bolsa,
igense-de sowgat beren aýalyň,
goý, gapylar ýapylmasyn, açylsyn,
dawalaşma, iň esasy asmany,
ýeri ümsüm, galmagalsyz saklamak,
gara tüsse halanmaýar hiç ýerde,
dogry, ilki gowam bolsa bu ýagdaý,
ýuwaş-ýuwaş nogta bolup görüner,
duşak ýaly bolar dyzyňda, yzdan
ýetip geçer ahli ylgan çalaja,
aşak basar, yza çeker ýaýdanjyň,
boýnuňa al, goldaw, garaşyk gözläp,
götereňde götermesiz zatlary,
artyk bolýan özüňkiden görnetin,
bilmedik bol, ýüzüň gyzsa gijeler,
irden seret töwerege, daşyňa,
nirä barsaň, şol bir oýny görersiň,
her bir adam öz rolun oýnaýar,
ýeten ýeri, laýyk görsün, görmesin,
maksat diňe gowy oglan diýdirmek,
sen özüňi ýitirseň-de başbütin,
ýaşasaň-da gorky bilen, sabyr et,
ilem şeýle, saňa artyk gerekmi,
özüň alda, ili alda, hutma-hut,
algy-bergi ýok arada, gülen bol,
sebäbi sen azat, erkin ýaşasaň,
bilersiň ol hezillik däl, ýük agyr,
eger edýän pikirleriň gizlemän,
aşak basman, gapy açyp çykarsaň,
iller seni ýek ýigrener, girere
deşik tapman, ýer ýarylsa diýersiň,
sen iliňe berjek bolma dogry söz,
almaz olar, özüň beter iýersiň...