Pyçakly aýal
Özi, äri eli bol,
doganlary eli bol,
Aşgabatda at alan,
berseň berim, peşgeşin,
iş bitirip tanalan,
döwran süren pikir etmän,
a soň bolup ýanalan,
iberilen gürleşilip,
ýumuş bilen, belki-de,
(günäsini götermäýin),
ýat illerde sataşdy,
öňki badyn, haýbatyn
taşlap gelipdir daşda.
Wah, bileräk okapdyk,
saçy bardy dyzyndan,
kyhlanan däl biz ýaly,
ýoly açyk, hossarlar
gelip-gidýär yzyndan...
Bir ýazykdan är ölmez,
ýuwaş-ýuwaş düşüner,
toba eder, adamdyr,
özüm ýaly mysapyr
diýip çagyrdym çatma,
saçak ýazdym gaş çytman,
ilki bilýän ýalydy
duz hormatyn, sylagy,
soň agyryp kän arkam,
ynjalygym gaçsa-da,
gaňrylmadym, bakmadym,
aýtsalar-da gep diýip,
gybat diýip çakladym,
gözüm ýumdum baryna,
ýöne bir gün ýykyldym,
galyp bilmedim ýerden,
düýşümdemi, huşumda,
agaç edip daryna,
bir seretsem ýaňky dost
asýar menden birlerin,
beýlekisin küşgürýär,
az görüp berlen ýerin...
Lukman pahyr arkama
haýran galdy seredip,
nädip göterip gezdiň,
diýdi munça pyçagy,
ildeş diýip şondan soň,
bagyşlasyn, aglana-da
açmam bolmaz gujagy...