Iň esasy önüm

Men bilýärin, işiňiz kän etmeli,
hem içerik, hem daşaryk ýetmeli,
ýurt içinde, daşynda däl esasy,
iň jogapkär orunlary aldyňyz,
düşewüntli, sorajak ýok hasaby,
diwar boldy iň esasy gurluşyk,
dogan-gardaş kömek edýär ylgaşyp,
ýat, keseki ýok diýmeýär iş bolsa,
gürleşseňiz, gelýär daşdan ýaltanman,
tanalanlar, ýa-da indi tanaljak,
ýaşuly, ýaşkiçi ýumuşa gaýym,
bal tutanlar ýalar barmagyn mydam,
netijeler belli örän, il-ulus
ýek-ýigrenýär ulaldykça ildeşi,
emel ýetip, gizlän ýüzün açanda,
ýa garganda o birisi, bu biri,
eýdip, beýdip, ak türmeden gaçanda,
gara diýip niýetine, pälinne
ýoksullaryň çagalary borç edip,
ýa-da satyp ata-baba ýer-jaýyn,
göçýär ýurtdan, ne okuw bar, ne-de iş,
iň esasy gelejek ýok, umyt ýok,
ýok, başarmaz diýýärdiler size iş,
zor çykdyňyz, görmez ýaly bolmady,
bilmez ýaly etmediňiz adyňyz,
beýle güýçli, beýle içden opurýan
bolar diýip, çak etmändik, dogrusy,
indi başga ýüz saraltmak gerek däl,
öz-özünden önýär ýurduň ogrusy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025