Aglanmadyk agy
Biz agladyk türmesinde türkmeniň,
soň agladyk sürgün bolup ýat ilde,
gözümizde görkezmedik ýaşymyz,
ýürek ganap, ak kagyza döküldi,
bagrymyzdan syzýan damja durmady,
biz o sili gizläp, bukup bilmedik,
bizi ýat däl, teke türkmen öldürdi,
beýlekiler kömek berdi ikelläp,
bir günde däl, bir ýylda däl, köp ýyllap,
biz özümiz aldap saklanjak bolduk,
biz adam däl, tohum diýdik, gömseler
gül bolarys ertir türkmen düzünde,
okar bizi ogurlanan okuwy,
nur bolarys çagalaryň ýüzünde,
ýagtylyk bor sözlerimiz tümlükde,
umyt borus diýdik köpläp urlanyň,
maýyp bolup, ezileniň gözünde,
şükür etdik, kürsi bermedi Alla,
ýa saklady öz wagtynda, maşalla,
azdyrmady, o biri dek milleti,
bütin ili ýesir edip, zäherläp,
gaçyp, garyp ölenlere gülmedik,
soň özümiz, artyk düşüp, il bilýär,
baldyr öýdüp, zäher ýalap ölmedik...