Erksizlik elegiýasy
Döwletimiz belledi
34 ýyl erksizligi,
gulçulygyn milletiň
bir aý ozal, howlugyp,
biz wagtynda belleýäris,
kemsitmäni, il bolup,
sesimizi çykarman,
çekip, çydap agzybir,
diläp sabyr-kanagat,
ýa Ýaradan, Biribar,
ýüreklere ber ganat,
uçup-uçup gideli,
ýöne gitmäli gaçyp,
ili taşlap gaflatda,
dolanaly umytly,
seredip yza, öňe,
34 däl, 101
ýaşady bu ýesirlik,
döwlet bolup adymyz,
ondan öňem gowy däl,
sebäbi biz agzala,
sebäbi biz körlügi,
gömükligi goldadyk,
sesli, sessiz, şadyýan,
içen bolup berseler
nirde arzan aragy,
bu şeýle bor mydama
bolsak duşman ýaragy...