Seniň bilmedik zadyň

Sen ilki hiç ýurtdan çykman,
ne ýol bilip, ne dil bilip,
diňe sende şeýle açgöz,
şeýle gorkak ýetim galan,
el-aýagyn boýap gana,
eneň, ataň ýesir alan,
ýesir alan doganlaryň,
ýeke özi, geň, üýtgeşik,
şeýle çäkli çak edersiň,
galam bilen söze garşy,
soňra görseň, açyk bolsa,
bir özi däl göze garşy,
dürs pikire garşy durýan,
ýykylmaýan şeýle uzak,
ýa-da gidýän gurup duzak,
heýkelleri durar ýaly,
ogul-gyzy sürer ýaly,
o döwletler, bu döwletler
kömek edýär bir-birine,
näçe ezse milletini,
galar ýaly ümsüm, sessiz,
ogry-jümri gelse pully,
açýar olar gujagyny,
seniň iki şaýyň bolsa,
geçjek bolsaň serhedinden,
soragy bar, nirden aldyň,
nirden gelip, nirä gitdiň,
has soň diýýär adam hädip
edip bildim ýola hetdi?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025