Bedeniňi diňle

Biziň bedenimiz, başdan aýaga,
biziň bilen gürrüň edýär mydama,
aýdýar hökman agyranda, ynjanda
birlerinden, eli ýetip, dil ýetip,
ýa aýagy degip, ädikli, hapa,
emel ýeten, garaw görmerin öýden,
ýa-da synap görýän, türme durmuşy,
gör, haçandan, kimden miras galypdyr,
bolmaz diýip indi garşylyk, belki,
adamyň alasy hilesin gurýar,
süpür diýsek, gelip polumyz günde
ýuwar diýýär hak soraman, mugtuna,
bedeniňi diňle, ýok diýmän, bende!

Biri seni aglap ulanjak bolýar,
beýlekisi gülüp ulanjak bolýar,
ýa ýaşuly, ýa ýaşkiçi, ýa deň-duş,
munuň ogly, onuň gyzy, obadaş,
dostuň dosty, tanşyň tanşy, kim gelmez,
eger bir iş gelýän bolsa eliňden,
ýa-da bolsaň ýüzden geçip bilmeýän,
haýyş eder, türkmen bolsaň türkmeni,
adam bolsaň, goldamaly diýerler,
bu bir ýoldur, ata-baba, adamzat,
odun goýar, gury ýerde, geçende,
ýakynarsyň, ýylynarsyň, gideňde
odun galsyn, deregini dolup git,
ýykma gowy adatlary, däpleri,
ynam galdyr, pese düşme, dep ýeri,
gatylyk däl, ýumşaklyk goý yzyňda,
içit galar, geçit galar beýikden,
rehimli bolmaly sen jandara,
goý, diýmesin bu hem ýadan, ýadama,
gaharyňy diňle, dogry, bedeniň
gije-gündiz seniň bilen gürleşýär,
gaýtalama diýýär öňki ýalňyşyň,
ýok diý käte halys bolmaz, nadana,
ozal aldan, ýa tanadan hakyky
ýüzün açyp, geçirimli bolmaly,
sen sypaýy, artyk adam diýseler,
bolma beter gülki ile, ulusa,
diýip maňa berlen terbiýe başga,
bir gezek däl, iki, üç däl, hamala,
gulak asman bedeniňe, öz işiň
goýup gitme, soňra Alla, huşum däl,
diýesiň gelmese et muny düýşüm...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025