Biz Watany ogurlatdyk
Biz Watany ogurlatdyk,
ak gündiziň günortany,
ogry-jümri içden, daşdan
çildi ony, aldy ony,
ýyrtyk jübä saldy ony...
Kakdyk gapy baryn baryp,
ýok, diýdiler garaşaly,
birden beýle gyssanmaň siz,
düzelişer özi, sabyr,
kanagatly bolalyň biz....
Ýaşulular satdy bizi,
ýaşkiçiler satdy bizi,
milli goşun goramady,
satdy bizi harbylar-da,
ýaragy ýok, oksuz galan
arkamyzdan atdy bizi.
Satdy bizi ýazyjylar,
şaçy boldy şahyr bary,
alym bolan ärler satdy,
ýüzügara bolup galdyk,
hukuk goran kanunlary
top edinip, atdy bizi,
ýüzügara boldy il-de,
indi dogjak çagalary
taşlap gaçdyk kapitany
gyzyl däli bolan salda...
Biz Watany ogurlatdyk,
ogurlatdyk özümizi,
aýdyp bilmän bogduk içde
agyr, soňky sözümizi,
ýaşmak gözläp agzymyza,
ýaşadyk biz başy aşak,
aklan bolduk bir-biregi,
müýnümizi daş dek daşap,
arkamyzda, aýagasty
geçer ýaly geçit etmän,
öwrenmedik, ýalňyşlary
sapak edip geljek üçin,
ogly bolup senzuranyň,
gyzy bolup senzuranyň,
medal aljak ýaly dymsak,
dost diýlenler boldy duşman,
jübimize girip ýolda,
rysgy bilen çagalaryň
oýnan bilen bolduk ýoldaş,
aýtsak, diýsek güljekler bar,
ata kesbi – ogla halal,
ene kesbi – gyza halal,
birleriniň ogly satdy,
beýlekiniň gyzy satdy,
galam gaçdy, elimize
uran bir däl, iki däldi,
töhmet atyp ýüzümize
duran, durjak ýene kändi,
diý diýlenin diýjek, iýjek,
garalajak, ýaralajak
goldajakdan boldy jebis,
biz Watany, ata-baba,
dogduk ýurdy ogurlatdyk,
tigir alsak begenýäris,
atly boldy gara nebis.