Surat

Ogurlanan arzuw

Azatlygy, erkinligin adamyň
paýlaşmaly, bölüşmeli, talaman,
ýarag alyp, tanka, topa daýanyp,
öldürmeli, gyrmaly däl adamy,
bölüşmeli ýeri, ýurdy, zor bilen
iýmeli däl hiç mahlugyň paýyny,
ýollar ýaly, howa ýaly, gündelik
jana şypa akar suwlar mysaly,
deňlik gerek, kanunlar bar ýazylan,
ýazylmadyk kadalar bar, baý bolup,
ýa beg bolup basgylanlar ejizi,
tiresi ýok, taýpasy ýok, agzybir,
bir bitewi, bilýär olar etjegin,
ogurlaýar il-ulusy özünden,
bilýär olar bizi eltjek ýerlerin,
a biz gelip, görüp ýoluň soňuny,
ýok ýerinden garaşýarys gudrata,
Alla bardyr, hudaý gorar diýýäris,
bu bir arzuw, o birleri, bu biri
birleşdirýär talajagy, ezjegi,
ne azatlyk galýar, ne-de erkinlik,
men günäkär, sen günäkär, jan jigi!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025