Surat

Il haly

Malym – halym diýen millet,
hem malyndan bolýar bu gün,
hem halyndan bolýar bu gün,
ata-baba ekläp gelen
ýeri, ýurdy eklemeýär,
ýandak çapan ýatan ýerden
para berip gutulmaly,
aýtjak bolan arzyn açyk,
gezip bilmez uzak gaçyp,
ýeser boldy emel ýeten,
kanunlary duzak edip,
doldurdylar türmeleri,
toba edip, ak ýürekden
işlemeli diýýär döwlet,
has açygy - gul bolmaly,
bugdaý ekip, pagta ýygyp,
geçjek ýolun ýuwup begiň,
çykyp gitse günäkär ol,
ýat illerde asy, ygyp,
kim-kimleriň gapysynda
çöregini tapan haýyn,
gelse, ýurtda talaýarlar,
batar ýaly ýene bergä,
gider ýaly ýene entäp,
ýurdy çapan ýurt içinde,
goldawçysy orgy-jümriň
orden, medal alýar ýylda,
aýdylan öň - baý bähbidin
aramaly, 'berýär Alla,
ýazylany maňlaýyma,
ýa ýalkanan ata-babam,
ýa sogabym kändir' diýip,
öwünmeli ezseň ili,
hakyn iýip ulyň, kiçiň,
hajy bolup, o dünýäňi
satyn alyp bolýan ýaly,
malym – halym diýen iliň
beter, barha harap haly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025