Bolýan bolsa

Bolýan bolsa, ýaşa oba,
goý, abadan bolsun şäher,
biz barmaly, seretmäli,
wagtymyz bar, belki, häli...

Ata-babam ganyn dökdi,
agalarym, aýal dogan,
gylyç ýa-da gyrkylykly,
gorap öldi, köp gyryldy,
Garaguma gaçyp, çaga,
çugasyny seçip ýolda,
soň ýazyldy täze taryh,
wah, çagadyk, ynanýardyk,
deňlik, kanun, adalat bar
diýse döwlet, sorag berip,
gözläp, belki, hakykaty,
geçdik gyzyl çyzyklardan,
alyp gaçyp pikir aty...

Bu adatdy, däpdi, toýda
arak-şerap bol bolardy,
gün bolmazdy içmedige,
çilim çekip, ýa nas atyp,
bu tarapa geçmedige...

Urlar gözün açjak bolan,
ganaty ýok, uçjak bolan,
bu her döwür kada, meger,
baş galdyrsaň, taýak deger.

Eýele boldy, beýle boldy,
bir, iki däl, ýüzläp, müňläp,
garyp, gara günde galyp,
gaçdy millet çagasyny
alyp ýa-da bilmän alyp...

Indi yzda, ýurt eýesi,
penjek geýen gowusyndan,
gelme diýýär watanyňa,
ejeň, kakaň mazaryna
goýbermeris diýýär azan,
diýmän, aýtman ýeke sözün,
ýandak bilen, gyzgan bilen,
süpür diýýär ýaşyn gözüň...

Eger nebit satan bolsaň,
satan bolsaň gaz ýa tirýek,
ýa-da şärik satanlara,
olar muny diýmeýärler,
beýle hakyň iýmeýärler,
diňe gorksa, sylan adam,
bilse garaw görmejegin,
demir darak alyp başgaň,
ak ýüzüni gara edip,
tegmil tapsa, ýara edip,
durjak, galjak kürsüsinde,
ýöne oba, şäher mydam
galyp bilmez gapyl bolup,
bolýan bolsa, ýaşa, ýeňen,
egsik bolma, ýaşa dolup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026