Soraýan bar...
Soraýan bar, pikir etme,
jogap bermän gidip bolar,
sen bilmersiň edil häzir,
haçan turup geler olar?
Ol ülkede otuz ýyllap
görüp, synlap oturan bar,
bir, iki däl, hemmesini
kör etmersiň, ker etmersiň,
lal etmersiň, näçe ezýet,
näçe horluk getirseň-de,
patyşa ýa hudaý bolup,
näçe uzak otursaň-da,
oýnasaň-da iliň aşy,
döwüm nany bilen iýjek,
bolmaz diýme aýtjak, diýjek.
O toprakda dogulýan bar,
ulalýan bar, ölüp bilmän,
25-de köpler ýaly,
ýetmişe çen, gör, kim bolup,
gülen bolup, harap haly,
har gidýäni görüp, bilip,
iýýän kändir özün öýde,
aglap käte yzlarynda,
sesli, sessiz, sen seretme,
depesinden garyp halkyň,
ozal sowet basgylady,
indi gezek meňki diýip,
düşünýän bar, pikir edýän,
oýlanýan bar, durmuş näme,
göreş näme, nädip ili
gara günden gutarmaly,
soraýan bar haçan, niçik
başymyz dik oturmaly?