Žurnalistiň ýalňyşy
Biri-birin basgylaýan,
talaýanlar boldy alym,
hem öwünýän aldap bilse,
hapalasa agzyn ulyň,
yzdan gelýän nesilleriň,
toýda, ýasda döküp arzan,
mugt gaz berip gapdalyndan,
peç gyzdyrsa, sim gyzdyrsa,
wah, oglandym, durjak boldum,
gorajakdym gözel ilim,
pidasy men, saklap bilmän,
tirýek bolup, dagdan inip,
akyp gelýän däli siliň...
Ýok, dur diýdi ol edara,
biz öň gördük, tutup, saklap,
getirýäni sorag edip,
basyp türmä topar-topar,
o goýberýär birujyndan,
günä geçip şapyr-şupur,
peýdasy ýok, etjek işin,
belki, bilýär bizden gowy,
geregi şol diýýär ile,
päl-niýeti dargatmakda,
sem etmekde, iň esasy,
näme diýse, bolýar diýýän,
buýsanjy däl, müýni ýetik,
iň gänäkär, başy aşak,
il bolmaly ilimiz, hiç
seň ýalylar orun almaz,
bes et diýdi Garajaýew,
neşä garşy ýazsaň, bolmaz!..