Biz kim?

Duýmak – göreş, garşy durmak,
duýmazlyk däl, duýan ýeňer,
görmek – göreş, garşy durmak,
bilmek – göreş, garşy durmak,
ýa eşitmek göreşiň seň,
körlüge däl, kerlige däl,
ýeke-täk din, aň-üşüge,
bilýänine uýan ýeňer.

Pikir etmek, kelle döwmek,
göz ýetirjek bolmak göge,
ýa tanajak bolmak gowy
hakyň iýýän adamlary,
sorag bermek garşy durmak,
inkär etmek duýgularyň,
gaharyňy basmak aşak,
göz-görtele görýänleriň,
gözüň ýumman görmedikden,
düşünýäniň düşünmedik,
tanaýanyň tanamadyk
bolan bolmak bolsa gowy,
bolan bolsa garşy durmak,
dürslük bolsa içden gelen,
biz, hemmämiz päk bolardyk,
ak bolardyk, ak guş ýaly,
biz kim, gülen bolup çyny,
garşy alsak myş-myş ýaly?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026