Millet şeri
O birleri arakdan,
bu birleri börekden,
ýa tirýekden, tapmasa,
arzan nasdan, çilimden
haýyr tapan, köşeşýän,
Alla berýär beýlekä
ogurlykdan, talaňdan,
boýdan-başa ýalandan,
dünýäň ady ýalançy,
aýdym aýdýan – ýalançy,
goşgy ýazýan – ýalançy,
kyssa ýazýan – ýalançy,
bilýär özi, bilýär il,
geregi ýok aýtmagyň,
ýa-da molla, işany,
o dünýäsin unudyp,
bu dünýäniň keýpiniň,
sapasynyň aşygy,
beýlekiler, aglaba
tomaşaçy, garaşýar,
belki, biri, başgalar
gazap eder, göreşer,
galan bolsa nirede
adalaty getirer,
oda urup başyny,
ýanýan ili çykarar
dowzah bolan jaýyndan,
berer halkyň bagtyny,
ogurlanan özünden,
alyp gelip ýok ýerden,
gora taňrym, sabyrly,
millet diýilýän şerden?!.