Bisowatlyk
Okuw jaýyn gutardym,
gyzyl diplom berdiler,
belki, okar ýene-de,
galmaz diýip gögele,
gelşi ýaly obadan,
ýöne şindem ýalňyşyp,
özüme diýýän nadan...
Kitap boldy gözlegim,
galam boldy ýanýoldaş,
tä maşynka alýançam,
dört kitabym çap boldy,
gara sanaw ýatyrka,
çykdy goşgym, hekaýam,
ady belli gazetde,
ýöne durup bilmedim,
döwlet kitaba garşy,
aň-üşügi duşmany,
ýagy saýyp pikiri,
demir diwar gursa-da,
türmä basyp şahyry,
okyjysyn ursa-da,
dili bilen gullaryň,
akyl-paýhasa derek,
meger, duýgy saklaýar,
aklaýaryn özümi,
diýip meniň günäm ýok,
ýok, günäkär diýýär ol,
sessiz başym ýaýkaýan,
ýa ýazdyrsa 'erbet' diýip,
'gowy' diýip okaýan.