Gykylyk döwri
Ýazan zadyň, çyzan zadyň gerek däl,
gykylygyň döwri geldi, agzyň boş
durmasa bes, utanmasaň esasy,
sebäbi bilýänler, çäji harpykdan
saýlajaklar azlyk, eli degýän ýok,
gep-gürrüňden gaçýar akyly ýetýän,
ýa-da görýän barmajagyn hiç ýere,
gulak gapýan galmagalyň içinde,
kimiň näme diýýänine gönüläp,
ýa-da edil gönülemän, kakdyryp,
aýdylana seretjek az, görjek ýok,
agzyň bilen altyn seçseň, dik durup...
Ýorgan bolsa, öz üstüňe çekmeli,
uzyn, kelte, aýagyndan üşeýär,
kän düýşünde alyp gaçýan atlary,
aga-ýana otlap ýören derede,
diňe meňki diýip, dälirän ýaly,
pikir etmän ertir, obalar bilse,
gyzarmazmy ýüzüm tutulsam diýmän,
ýollar çukur, köpri çökjek birigün,
çagalaryň aýagynda köwşi ýok,
ýa könelen, ýyrtyk-ýirik eşikler,
ýagdaý ýyllap üýtgemeýär, beteri
geldi, gelýär, biri gitse beýleki
gyzyl baýdak edip, galdyrýar şeri,
gürleşmesin, birleşmesin milletim,
berjek diýip, bermän entedýär ýeri,
öň keseki, ýatlar diýýärdik duşman,
indi näme diýseň, jogaba derek
gykylyk, galmagal, elli alymy
duruzsaň-da ýeke deliliň bilen,
elli delil bilen saklatmaz biri...