Açylýan ýüz
Baýlar bilen garyplaryň arasy
açyldykça açýar ýüzüni döwlet,
çörek tapman, açlygyndan enteýän,
tapan işin edýän köpeldikçe has,
açýar ýüzün hökümetçi şahyrlar,
ýazyjylar, aýdymçylar, diýýäni
gaýgy etme, goý, döwletiň başynda
bolşewikler bolsun, menşewik bolsun,
ýuwulsyn beýniler, esger köýnegi,
balaklary ýaly, günde-günaşa,
ýele-güne solan, galman reňki,
sen özüňi, aslyň, geçmişiň bilme,
ynan ýa-da ynanan bol diýseler,
o şahyr däl, bu şahyry bilmeli,
beýik diýip, nusga diýip, ýa özün
edil beýle arzan, ýeňil satmadyk,
ýa satylan mejbur bolup, isläp däl,
ol adamy, bu adamy ýatlaňda,
seret onuň ömür bilen oýnuna,
ýa çynyna, iş ýüzünde, dilde däl,
açyldykça gara ýüzi döwletiň,
açar ýüzün ýurtda galan ýesirler,
hem öň giden, bäri-bärki ilde däl...