Surat

Hereket kyssasy

Sen adama gaharlanma,
sen haýwana gaharlanma.
ýat, keseki, ýa özüňki,
sen özüňe gaharlanma,
darykma dar ýerde galyp,
agyr sözi agza alyp,
adam bolmaz diýme ile,
diýme geçdim adam bolman,
ýesir bolup adam däle,
dynjyňy al, umyt bagla
gowulyga, ýagşy päle.

Gahar gurmaz hiç bir bina,
ýumurmasa ýigrenç bilen,
basyp alýan goşun ýaly,
begendirme duşmanyňy,
gaty-gaýrym diýme ile,
wagty geler, düşüner ol,
oglany bar, uşagy bar,
geljegi bar diýmek halkyň,
elli, altmyş, ýetmiş ýaşap,
ýa segsende, bahyllygyň,
ýa ýigrenjiň, sanaşmagyň,
şyltak atmaň özi üçin
gowy sowgat bolmanyny
biler hemme, üşügi bar,
düşünersiň özüň-de seň,
gürrüňini edip ýörmäň
hiç iňirdä degmeýäniň,
sen gahary arkaňda goý,
döwmesin ol agzyň, äňiň.

Ilçilikdir, bardyr bary,
eli ýetse urjak, döwjek,
dili ýetse aýak köwjek,
köýen ýaly ilden ary,
ýalançylar, pursatparaz
has köpeler kynçylykda,
sen adama gaharlanma,
gahar etme özüňe-de,
aldasalar namaz okap,
ýa kanuny edinip at,
ozanlara ogurlatma
umytlaryň, gowy göwnüň,
aýlaryňy ogurlatma,
ogurlatma ýyllaryňy,
ýalňyş ugra barýan otla,
ýa uçara münüp gidip,
bolmaz indi, gijä galdym,
wah, ýitirdim wagtym diýme,
ýa ýadadym diýme gaty,
goýma işi yzdan gelýän
nesillere, besdir diýip,
gymyldyňy goýma asla,
bolar bir gün, uzar elim,
niýetim ak, azmaz pälim,
jylawlaryn gara nebsim,
alyp gaçjak alaşa dek,
bilýärin diý näme boldy
şa gyzyny alanlara,
hana hemra bolanlara...

Sen ýeke däl, seret dünýä,
ähli ýurtda ýalňyşýan kän,
aldadaýn kän özün egrä,
düzedýän kän ýalňyşyn soň,
ýa düzetjek bolýan durman,
kömek etmez nälet kimsä,
kömek etmez çekmek arman,
düşünýän kän muňa kem-kem,
düşünjede bereket bar,
sen darykma, dünýe döräp,
il ölmese, hereket bar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026