Dirk Willems sapagy
Hakyky basmaçy, hakyky wagşy,
ýa-da bizden has ozduran düşünip,
halymyza, öňde-de bir Dirk ýaly,
öz göwnüne osup dolanan yza,
halas eden jelladyny el berip,
begendirme diri gömjek sürini,
demiň barka, beýnisize pil berip...
Bizi ýakan diri otda, ojaksyz,
geçidimiz baglap, gömüp içidi,
ata-baba miras galan, goralan,
ýüregimiz uly görüp, belki-de,
ýaragymyz kiçi görüp, gülküden
içi gyrlan, gülle seçip asmandan,
nirä gaçsak uran gelip ýadaman,
gyran, diýen satyň birek-biregi,
türme gurdy içimizde ullakan,
zyndan gurdy beýnimizde, öwredip
näme diýmek edep, terbiýe diýmek,
näme diýmek ahlak diýmek aslynda,
nirä barsak öňümizde, öňürdip,
haçan, nädip gelendigin bilmersiň,
ýene köplük, ýene güýçli ýaragy,
dile çeper, delilleri ýerlikli,
tanamasaň ynanmaly, galmaly
bile gülüp, bile aglap aglasa,
düşünende ýok edenin özüni,
başgalary basgylanda, süýrände,
içse içip, soňra soňsuz boşlugyn,
gylplyklaryn hil bir gylyk edinip,
güle gömüp tabytlaryn, baş egip,
ugratmaly hormat bilen gidenin...
Hakykysy basmaçynyň, wagşynyň,
türme gurdy iň ullakan, iň ýowuz,
daşymyzda, içimizde görünmez,
sakçysy kän, aýlyk alman, ýa alyp,
gysyp bilýän, basyp bilýän diwarsyz,
asyp bilýän agaç dikmän, syrtmagyn
sabynlaman, eli uzyn elmydam,
dili uzyn, islän zadyn diýmeli,
hemem mamla, eger özüň gorasaň,
ata-babaň ýaly basmaçy ýene,
wagşy ýene, kitap gatyn açmadyk,
ýer ýok, belki, gizlenere, sümere,
ýöne belli tutular kän gaçmadyk...
Sen yzyňa bakma, garama asla,
el uzatma çekmek üçin batany,
batgasynda biparhlygyň, gybatyň,
doganyňam bolsa, bolsa-da iliň,
ýakjak ertir ojar odun üýşürip,
diňe özi ýaly bolmanyň üçin,
diňe özi ýaly galmanyň üçin,
kömek etjek bolup naçara, çaga,
öldürilme, ýaş başyňdan satylma,
hakyky basmaça, hakyky wagşa,
tüpeň bolma, ok-därisiz atylma.