Ýalan gorpy
Basyp aşak depesinden ellemän,
bokurdakdan bogup, ýoly kän, bilýäň,
sen ýalançy edip bilseň milleti,
uly-kiçi, ikiýüzli, üçýüzli,
açgöz bolar, ýykyp geçjek köprüsin,
agajyny, daşyn ogurlar iller,
jaýrylar ol öz içinden, paltalan,
teşe uran gerek bolmaz daşyndan,
bir-birine müňkür bolar, sebäbi
gorkar ähli ogurlygy biliner,
bütin ömri gyrp-çyrp bilen geçensoň,
açyk aýyp açar adamy açman,
millet millet bolup bilmez gypjynyp,
gaçmaly bor ýyllap özünden gaçman,
ýöne gaçyp, gorpa düşer, gutulmaz,
düşünmez ol, görmez näme bolanyn,
kysmat, ýazgyt diýip aldar özüni,
ýek ýigrener aýtjak bolsaň ýalanyn.