Meýletin mejburlyk
Bu bilinmän edilmeýär,
tötänlik däl, ýalňyşmak däl,
bilen bilýär sebäbini,
öň kim bolsun, näme bolsun,
çopan, çoluk, ýa taryhçy,
okan, bilýän näme üçin
ýakylýanyn kitaplaryň,
eger döwüm çöregine
ýeter, ýetmez saklap bilseň,
el-aýagyn tutsaň, daňsaň,
ursaň inçe gandal aňa,
ýer bermeseň, suw bermeseň,
polisiýa berip taýak,
kazylary tarhan edip,
belli, ajyň aňy myhman,
pikir edip bilmez millet,
aklar, öwer ezijini,
şahyrlary öňe çykyp,
öňe çykyp žurnalisti,
agzy bolup iň ýüreksiz,
iň haýasyz adamlaryň,
tä ölýänçä ezer ýaly,
ogrulary sylar millet,
gorkar mydam talaňçydan,
kanunlary jübä salan,
bu düşünmän edilmeýär,
diý ýa diýme, bu ýol bilen
azaşylyp gidilmeýär.