Gul eýesiniň islegi
Döwlet seniň gul bolmagyň isleýär,
baş atmagyň isleýär ol owadan,
tahýa geýip, telpek geýip kelläňe,
islemeýär bilmegiňi, görmegiň,
näme bolýar ýurt içinde, daşynda,
näme üçin ýandy ýanan şahyrlar,
dälihana taşlanyp ýa taşlanman,
döwlet seniň beýniň gözün açmagyň,
seretmegiň islemeýär garaňka,
döredilen döwüp ähli çyrany,
Günüň öňün tutup metbugat bilen,
azaşdyrýar, bulaşdyrýar, çaşyrýar,
gözüň-başyň aýlap, hakyna tutan
şahyrlary bilen, iliň adyndan,
milletiň adyndan gürleýän, bize
näme bolsa bolsun diýýän, sebäbi
watan bolsa bolýarmyşyn olara,
donun çalşan gowusyna penjegiň,
döwlet seniň şu günüňi ogurlap,
pikirini edýän diýýär geljegiň,
ýa hawa diý, ýa-da gepleme asla,
diýýär döwlet diýmän diýjegin saňa,
islemeýär islemeýän soragyn,
berme, seret, iller nirä seredýär,
näme üçin kowup baý ýere günde,
Kemine hiç gutulmady, garyplyk
galdy bize, Magtymguly Pyragy
diýdi neden görde ýagşy ol ýigit,
başynda hiç gowgasy ýok, gohy ýok,
düşünmegiň islemeýär döwletiň,
diý diýýär ol giden gidýär, ahy ýok...