Döwlet äri
Döwlet äri bolmak diňe
ýalançylyk, talaňçylyk,
bihaýalyk bolsa, dogry,
aç diýilse çaga-çuga,
baý günäkär diýip bolmaz,
diýip bolmaz beg günäkär,
kemsidilse garyp-gasar,
basgylansa naçar, ýesir,
eden etdi, giden gitdi,
soragy ýok hiç bir zadyň,
kanun, kada arzuw bolsa,
kazyň donun geýip bolmaz,
tämiz ýa-da kir-kimirsiz,
şärik bolman şere döwüm
çöregiňi iýip bolmaz...
Eger biri diýjek bolsa,
aýtjak bolsa bu ýagdaýy,
agzyn tutup oturmaly,
baş galdyrsa iki-ýeke,
derhal basyp ýatyrmaly,
köplük bilen, sessiz, kaýyl,
gyşda otsuz öýde galyp,
ýok, üşämok, diýýän maýyl...
Döwlet äri bolmak diňe
ýalançylyk, talaňçylyk,
bihaýalyk bolsa, seňki,
seniň ýaly bir, iki däl,
başa çykan ärleriňki,
näme diýse bolar dogry,
gürläp bolmaz, dymmaly bor,
dowam eder uruş, gowga,
top-tüpeňli ýa tüpeňsiz,
durmuş şeýle öňden, belki,
döwlet äri bolmak bolsa,
adam däl-de, bolmak tilki.