Surat

Partbilet kyssasy

Biri diýdi ýakdym oda,
peje salyp partbiledim,
beýlekisi zyňdym suwa,
çola ýerde, agladym soň,
üçünjisi diýdi eltip,
berip gaýtdym sekretara,
diýdi seýfde goýaryn men,
bilmez hiç kim, eger birden
geläý aljak bolsaň yza,
dördünjisi diýdi biz-ä
girmedigem şol artyba,
gerek däldi wezipesi,
berip biljek däldik para,
alyp biljek däldik, alsak
ýatyp biljek däldik gije,
okap, gözläp hakykaty,
bolup galdyk gorkak jüýje...

Goşgy ýazýan goşgy ýazdy,
kyssa ýazýan kyssa ýazdy,
gülen boldy satirikler,
emma hiç zat üýtgemedi,
at üýtgedi, ýüz üýtgedi,
söz üýtgedi, emma durmuş
öňküsi dek iki ýüzlä,
ýa üç ýüzlä gülüp bakdy,
beýlekiler, partbiletli,
partbiletsiz, hiç parhy ýook,
özün otsuz otda ýakdy,
gara ýanyk bolup ýaşap,
hem ýylgyrdy iki-ýeke
samsyklara, aýdýan, diýýän,
ýüzi açyk azaldykça
has köpelýär maska geýýän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025