Alym meselesi
Sen özüňe osma ili,
gowy bolsaň, gowy diýip,
erbet bolsaň, erbet diýip,
açgöz bolsaň, bolsaň bahyl,
pikir etme hemme şeýle,
müňkür bolsaň, müňkür diýme,
ýa ynanjaň bolsaň, hemme
sada diýme edil beýle,
ýa-da okan bolsaň biraz,
öňe gidip deň-duşuňdan,
galyplary döwüp, itip,
ýykan bolsaň haýatlary,
ýa daş, kesek goýup ýerde,
has aňyrrak, has uzaga
seretmegi saýlan bolsaň,
ýa arzuwçyl bolup gaty,
aýagyňy ýerden üzüp,
ýatan iliň oýa ogly,
depä çyksaň jana dözüp,
soň ýykylsaň, togalansaň,
hol aşakda doly howly,
ýa-da obaň gülse üýşüp,
gaty görme, olaryň hem
arzuwy bar, bar hyýaly,
ýöne nätsin gülmän galan,
adam bolman, bolup alym...