Il kyssasy

Bu durmuşyň kadasymy,
ýodasymy öňden gelýän,
birleşerler bahyl bolup,
jahyl bolup birleşerler,
gorkup, ürküp, birden uly,
beýik işler eder diýip,
ozup, öňe gider diýip,
otuz, kyrkmy, elli ýaşda,
dogan-gardaş, dolananlar,
arkadaşlar, babadaşlar,
başga ýagy gerek nämä,
birleşerler saňa garşy,
özlerine garşy, bilip,
ýa-da bilmän, gömüklikden,
çagasyna garşy millet,
agasyna garşy millet,
garşy iller bar ösüşe,
durşy bilen bolar minnet,
eger ile, ýurda gerek,
zerur işi etjek bolsaň,
gitjek bolsaň ýele garşy,
aýdyp, diýip, aýdylmadyk,
hemmede bar pikirleri,
gowulygy, içde boglan,
ýok, saklansaň ejap edip,
iller ýaly, uly, kiçi,
diýlen ugra giden, gelen,
yssy bolsa, teşşne galsaň,
suw berseler, içseň, diýseň,
dünýe barmyş, hezil etdim,
döneýin men döwletime,
il-günüme, perişde dek,
birleşjek ýok saňa garşy,
alartjak ýok gözlerini,
sesli, sessiz, aktiw, passiw,
aýtsa ynan, sözlerini,
diýip diýer diýjegin il,
diýmän diýer diýjegin il,
düşündirer, düşünmeseň,
diri gömer, ulanman pil...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025