Göreşýäniň ykbaly
Sen öz sözüň üçin tursaň, göreşseň,
hak-hukugym diýseň, diýseň mertebäm,
diýseň ilim depelenýär, bu bolmaz,
il oturar, synlar bolýan zatlary,
parasatly bolar, bolar köp bilýän,
seni baýlar aşak basar birleşip,
seni begler ýüpzüz asar birleşip,
tomaşaçy bolar iliň, milletiň,
kemçiligiň sanar, sanar ýalňyşyň,
çaý başynda, arak içse has joşup,
gedem diýer, diýer çenin bilmeýän,
ýa-da kanagatsyz, ejiz nebsine,
köp isledi diýer pany dünýeden,
güler saňa dogan-gardaş, ýeňilseň,
aýagasty bolsaň, geregiň diýip,
ölseň, jaýlamaga geljek tapylmaz,
ýa gelenler gorkup, üýşenip geler,
minnet edip geler ogul-gyzyňa,
ýöne seniň işiň ýa-da göreşiň,
azda-kände berse bir gün netije,
çyra bolup ýansaň garaňky gije,
ýatlan bolmaz gören görgiň, azaryň,
tomaşaçy bolan ylgar almaga
öz paýyny basyp geçip mazaryň...