Altynjy gyz
Bu VI asyrmy,
ýokmy entek Muhammet,
ýa daşdamy Göktaňry,
galmadymy bir erkek-de,
ýa bir aýal ýerden aljak,
guma gaçan baýdaklaryn,
ýaralanan, atdan agan,
maýyp bolan gerçekleriň,
elden galan, dilden galan,
gorap iliň ar-namysyn,
ýykylanyň ýüzün ýuwjak,
ýaralynyň ýaralaryn
daňjak ýokmy ýeke-de,
suwsuz ölse agzy kepäp,
berjek ýokmy gyşda garyn?..
Gorky barmy bizde diňe,
yza gaçyp, diýip öňe,
ürkýärismi goýun ýaly,
tapyrdatsa aýaklaryn,
emel ýeten soňky gorkak,
ýokmy hiç bir dinimiz-de,
bar diýsek-de dilde, sözde,
galmadymy ynanjymyz,
ýokmy hiç bir daýanjymyz,
imanymyz ýokmy biziň,
ýokmy biziň buýsanjymyz,
gep, gybatmy bar işimiz,
bahyllykmy basyp alan,
gara nebis, ganymyzda,
iýjek, içjek, münjek, guçjak,
zere, zora, şere şärik,
adam dälmi biz aslynda,
wagşylykmy derejämiz,
ýokmy bizde gowulyk hiç,
ýa mertebe, utanç, haýa,
şunça asyr saklan, goran,
alyp galan gutarmakdan,
gyrylmakdan gara gyşda,
altynjy gyz sorar bir gün,
ýedide ýa sekiz ýaşda...
Sorar çaga kakasyny,
sorar meniň enem ýokmy,
atam ýokmy, iliňki dek,
diňe mamam, babam barmy?..
Aýtmaly bor kowlan naçar,
ogly bolman, gyzy bolan,
bir gezek däl, alty gezek,
ýalan sözläp bilmän uzak.
Diýer kakaň gahar etdi,
gelme diýdi öýe gaýdyp,
gyzyň bilen, garaşýardy
diňe ogul bäbege ol,
çünki nesli ýitjekmişin,
alty gyzly bolmak ardy,
ýa namysdy eneňe-de,
şükür, bardy daýylaryň,
şükür, mamaň, babaň bardy...
Çaga dymar, düşünmez ol,
on ýaşynda, onbäşinde,
on sekizde düşünmez ol,
düşünmez ol ýigrimide,
näme diýmek erkek diýmek,
adam diýmek, diýmek ene,
gyz bäbegin kowýan öýden,
kowýan öýden birini däl,
alty sany çagasyny,
gara gözün, öz perzendin,
bir ýassyga başyn goýan,
bir saçakdan çörek iýen,
akar suw dek arassa, päk,
naçaryny kowýan erkek,
ýüreksizmi, beýnisizmi,
näme bolýar, men nirede,
haýsy asyr geldim dünýä,
altynjy gyz sorar sessiz,
kakam bolsa şeýle zalym,
men nähili ýaşamaly,
ynanmaly kime, nämä?..
Söz tapmak kyn iliň ylgap,
yza gaýdyp ýüzlerçe ýyl,
münýän wagty batan gämä...