Surat

Gymmat düşen gylyklar

Biri diýdi sada türkmen,
ynanýar-da her bir söze,
kim ol sözi aýdýar diýmän,
ýa-da kimiň bähbidine,
ýa-da haçan, näme üçin,
şondan öýi buz bolýan kän,
ojagynda ody öçüp,
türkanalyk ýykdy bizi,
uran urdy ýurdy alyp,
mazar ile dagy, düzi...

Beýlekisi baş yrady,
diýdi gaty ýüzlek-dä il,
kyn görýär-dä göni, açyk,
otdan yssy diýip ýüze,
zat diýmegi bir-birine,
başgalary gyrada goý,
bilenlerin, görenlerin,
düşünenin aýdyp bilmän,
sorap bilmän soraglaryn,
aw boldy il nirde pese,
iki-ýeke dogry sözli,
gülki bolýa näme diýse...

Üçünjisi diýdi ýalan,
goýalyň bu gürrüňleri,
bilip durup, görüp durup,
boýun alyň, aýdyň göni,
iki ýüzli milletimiz,
dilinde bir, ýüreginde
başga zatdyr mydam görseň,
hemmesi däl, belki, köplük
begenip ýör para berse,
para alýan başga gürrüň,
meseläni çözdüm diýip,
şondan ogry don ogurlap,
ertir toýa gelýär geýip...

Dördünjisi diýdi görip,
bahyl millet baýnamaz hiç,
boýun alyň, baş sebäp şu,
synladym men adamlary,
otuz ýyllap, iki ýyl däl,
goňşusynyň öýi, jaýy
ýykylanda begenýän kän,
türmä düşse düýnki dosty,
ýa dogany, sebäbini
biljek bolman, gömüp ony,
gybat edýän bagtly örän,
aýlyk, günlük bolmasa-da,
hezil edip garalaýan,
töhmet atýan garalawçy
aklawçydan, ýok diýjekden
iki, üç däl, kän on esse,
bolmasa-da uruş, gowga,
şondan ýurdy tutdy tüsse.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025