Göreş şerti
Göreşmäge gelen, bilseň,
başda ýa-da orta ýolda,
hakykatda, kyn pursatda,
seniň üçin gelmez ylgap,
ýetişeýin diýip hökman,
ýa-da ýöräp assa, ýuwaş,
galdyrmaýyn diýip ýeke,
özi üçin geler, gelse,
düşün muňa, adam bolsa,
özi üçin turar, gider,
ýa-da galar özi üçin,
obasynda, şäherinde,
nasyn atyp ýa-da atman,
aňsat iş däl ýeke galmak,
gelen bolsa, bilen bolsa,
göreşjek bol bile durup,
bähbitler bir, bir umumy
haýyr üçin dursa adam,
ýöne ahmal bolma görüp,
kän arkaňdan ursa adam,
bilinmeýän ýaly işi,
ownuk-uşak ýa ullakan,
dişli gapan gursa adam,
geç sen onuň göreşinden,
gülse saňa diýmän nadan.