Surat

Ýok adamy galdyrma

Ile umyt berjek bolup,
ýalan-ýaşryk gürrüň etme,
gowy däle gowy diýip,
ýapan bolup aýyplaryn,
bilýän zadyň bukan bolup,
ýuman bolup gözleriňi,
bolan bolma geçirimli,
parhly adam öz ýanyňdan,
aldama sen özüň, ili,
il uludyr, bilýän bardyr,
görýän bardyr ak, garany,
turar biri bir gün yzdan,
aýdar göni, ýüze gelip,
utanarsyň, gyzararsyň,
ýok, bölmäýin ili diýme,
tiredeşi gaty görer,
gaty görer garyndaşy,
ýene müň bir bahana bar,
galdyrma sen ýok adamy,
çöp-çalama çümen birçak,
ýa ownugy, iri diýip,
iň bolmanda dym, gepleme,
ýaşama soň özüň iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025