Biziň ýalňyşymyz
B. Hangeldi gyzyna
Biz millete kada-kanun,
bir-birinden goranmaga,
goramaga goragsyzy,
dogry, düzüw gün, güzeran,
durmuş gerek diýip, gaty
ýalňyşaýdyk öýdýän, janym,
görnüşinden şunça ýyllap,
gerek oňa başga zatlar,
mysal üçin, hehe-hehe,
gerek eken wähä-hähä,
metjit gerek eken ile,
bolan bolar ýaly mömin,
ýöne görseň, emel ýetse,
din, imany boş gep eken,
para alyp güle-güle,
para berip güle-güle,
arak içjek eken olar,
tirýek çekjek eken olar,
soň beýleki keýpi-sapa,
zorluk gerek eken, garyp,
ejiz bolsa başga biri,
biz ýalňyşdyk ile okuw,
kitap gerek bolar diýip,
ýok, okuwy para berip,
okamaly eken diňe,
soň almaly gowy işi,
ýalan sözläp gerek ýerde,
iki-ýe dogry sözli
adamlary urar ýaly,
sürer ýaly sürgünlere,
duşman eken öz iline,
kada-kanun gerek diýen,
gerek diýen düzgün, tertip,
gaçdyk, ýogsa erbet boljak,
bes, sus diýip goýmadylar,
üzlüp gitdik, yzymyzda
aglap galdy ene-ata,
hökümetiň metbugaty,
az gören dek bu sütemi,
töhmet atdy gaty-gaty,
biz ýalňyşdyk sözümizi
aýtjak bolup gerek dälkä,
olar bize diýdi haýyn,
biz agladyk gülmän gülkä...