Surat

Adam sapagy

Ilki seni biri satar,
soň ikinji, soň üçünji,
jinnek ýaly nepi üçin,
gahar etseň, arly bolsaň,
öçli galsaň ýyldan-ýyla,
wah, ynandym diýip başda,
ot beresiň geler dünýä,
geçir, goýber, taşla ony,
ýa-da muny ýatlap ýörme,
ýöne tana adamlary,
ýolda duşup, öňki ýaly,
için döken bolsa ýalan,
ýa-da diýse ýaman halym,
bilýändirin ýagşylygyň,
bolma ertir gurbanlykda
gurban etjek ownuk maly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025