Surat

Ýol tejribesi

Baran ýeri gapda-çanak,
hanha, ýene oňuşmady,
duşman etdi bar kişini,
diýmedimmi diýip köşkde,
aýtmadymmy diýip köwek,
begenmesin diýip dymsaň,
guwanmasyn diýip dymsaň,
munda biri gorkak saýar,
onda biri çykyp Aýa,
öz ýanyndan oýnan bolar,
dünýe gülki düşünene,
nirä äkit, nirä getir,
adam päli bilen galar,
gaçar gazan çukuryna,
a soň çykar diýip aglar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025