Ýer almadyk söz

Adam garyp bolmaly däl,
galmaly däl işsiz, mätäç,
okuwyny okap gowy,
işin bilip, etse dogry,
islemese bolmak ogry,
ýa okuwyn okap bilmän,
hünär alyp bilmän, ýalta,
ýa emelsiz bolup mydam,
kemsinmeli, baş egmeli,
ýigrenmeli däl ol özün,
soň özgäni, sähel güni
gowy bolsa, ogry, kezzap,
ýa talaňçy diýip hemmä,
galmaly däl gara günde,
garyp ýurtda ýaşmasa,
gaty ýerde, daga, daşa
gabatmasa daşyn, hudaý,
ýa-da ata-baba turup,
goran bolsa dogduk ýurdun,
duran bolsa, urlan bolsa,
gyrlan bolsa jeň gününde,
onuň ogly, gyzy, gelni
naçar, garyp bolmaly däl,
sermeli däl elin kişä,
emma bu gep diňlenmese,
gülen bolsa emel ýeten,
akyl satsa, Sapar ýaly,
baýlar baýap, garyp ýerde
ýer ýumruklap galsa, millet,
il jogapkär, gülmeli däl,
ýykylana, arly bolsa,
öçli bolsa, bir gün geler,
diýme mydam Gurbanbibi
prokuror bolup güler...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025