Kümsügiň işi

Sapar öldi, işi galdy,
ili böldi açgöz kümsük,
adam bary biri-birin,
eli ýetse, urjak hökman,
dili ýetse, gaýgyrjak däl,
diýýän sözün saýgarjak däl,
iň soňkusy betbagtlygy,
eşek edip münýär, diýýär
o birisi erbet, men däl,
ýogsa belli, öň nämedi,
indi näme, öz sözleri
aýdyp, açyk görkezip dur,
Sapar gitdi, ady ýitdi,
emma işi dowam edýär,
biri-birin ýigrenýär il,
ynanmaýar adam hatda
özüne-de, gorkup ýatýar,
gorkup turýar Alla diýip,
her gün Güni gamda batýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025