Açlyk synagy
Aç, hor, başyň egip aşak,
gypjyn-gypjyn ýaşamaly,
sagbol aýdyp öldürmese,
hökümet däl hökümete,
duşman bolan öz iline,
hem özüne, gülki bolan
bütin dünýä, ýigreneni
dogry sözli, din-imanly,
baş galdyrsaň, bilýäň näme
boljagyny, güljegini
ezileniň ýüzlerçe ýyl,
begenmesin diýersiň sen,
ýatsyn akman saralan ýap,
diş gysarsyň uzak, çydap,
gep bolmaýyn diýip ile,
il bolmakdan geçen bir çak,
samsyk saýar el uzadan,
kömek eden adamlaryň,
dile gelen sözi diýmän,
geçip gitseň deňesinden,
deň bolmaýyn diýip, şükür,
gördük, islän turýar, gidýär,
islemedik galýar bükür.