Surat

Ýurt dälisi

Beýlekiler bilmese-de,
okan bolýan bilmeli,
ýazan bolýan bilmeli,
gürlän bolýan öňe çykyp,
akyl satýan alynsa,
düşünmeli dünýä biraz,
gelip ony tutan ýok,
ýa-da galan nesilleri
hiç bolan ýok baky soltan,
bilmeli sen, bellisi ýok
kimiň, haçan ýa nirede
nä günlere düşjegi,
ýöne belli, doglan bende
ahyrynda ölmeli,
kül bolmaly, gül bolmaly,
açylmaly, solmaly,
galmaly ol gara ýeriň
astynda ýa üstünde,
tozan bolup, tozga bolup,
ýok, adama düşünemk kyn,
iki jahan owarrasy,
heläk bolýar ölmän galyp,
näçe uzak saklansa,
gabanýar ol ildeşinden,
özi ýaly entäp ýören,
ýurt dälisi uly, kiçi,
giň dünýäniň güneşin,
hiç goýjak däl eli ýetse,
bitiren dek başga işin...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025