Surat

Dar milletiň derdi

Dar milletiň ähli işi
kemsitmek bor biri-birin,
gysmak bolar gysman gaty,
basmak bolar basman gaty,
asmak bolar agaç tapman,
ýüpüň özüň getir diýip,
göräýmäge gowy hemme,
emma gybat eder bary,
ol eýlemiş, bu beýlemiş,
özüm näme diýmez biri,
dar milletiň bar pişesi,
kiçeltmek bor öli, diri.

Adam gerek diýmez olar,
ýük bar agyr, götermeli,
iň bolmanda gerek ýerde,
taýyn bolup oturmaly,
wezipe bar, borjumyz bar,
millet ahyr, adymyz bar,
egin gerek, götermeli,
diýmez beýle ownamalyň,
işimiz bar, bitirmeli.

Ýat, keseki ynjytmasyn,
eýe bolup sözümize,
besdir, müň ýyl yza tesip,
gülki bolduk, özümize
geleliň-ä diýmez biri,
talamalyň geljegimiz,
gepe gitmän, gep köpeltmän,
azaldalyň öýke-kine,
öýümizi ýykyp bildi,
gürleşeliň, goralyň-a
özümizi diýmez biri,
ýa diýeni diňlemezler,
akylly hem gedem bary,
hem aýyplar bir-biregi,
gürlän wagty pikir etdir,
bolýarmyka özüne bir,
pikir-oýy ýa ýüregi?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025