Gülki bolma

Bir, iki däl, gaty köplük,
gowy bolsaň, gowşak görüp,
gözüň ýagyn iýjek açlar,
soň kör bolup, ýer sermenseň,
nämeleri diýjek açlar,
akyl satyp, ýüze, ýeňsä
dok maskasyn geýjek açlar,
sen olary azlyk saýma,
äsgermezlik etme asla,
az hem bolsa başda, ilki,
bolma iliň tanap bilmän,
öz ýurduňda ile gülki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025