Ýeser pahyr
Peýda bolmaz gaçanyňdan,
daga, deňze urup başyň,
jogabyňy bermeli sen,
almaly sen boýna borjuň,
durmuş saňa ähli şerti,
näçe garaş, üpjün etmez,
aýyplama, peýdasy ýok,
geçmişiňi, eneň, ataň,
doganlaryň ýa-da ýaryň,
ýa döwleti, hökümeti,
ogurlyga ýatan doly,
gowulyga getirmejek,
näme diýseň ýa diýmeseň,
maksadyňa ýetirmejek,
üýtgetmejek hiç bir zady,
olar seni şol bir ýerde,
batgalyk dek, saklar, adyň
adam bolsa, pikiriň et,
alada et özüň başdan,
hiç kim saňa gelip elin
ýol görkezmez, alyp bermez
biletleriň, gitjek bolsaň,
dünýe hiç bir bahanany,
yňňyldyny sylamaýar,
sylaýar ol turan äri,
aýgynda duran äri,
näme ýetse, alyp paýyn,
boş geçirmän günün, aýyn,
düşün irräk, ak at münüp,
gelmez kimse okun, ýaýyn,
ýa gylyjyn gyna salman,
kim ne diýsin, göwne alma,
eger gerek bolsa saňa
gowy durmuş, hereket et,
kiçi, uly, gorka, batyr,
ýöne durma, näçe basym
sen özüňe eýe çyksaň,
eýe çyksaň öz sözüňe,
eýe borsuň öz ýüzüňe.
Ýok, erkeklik gaçalak däl,
sapalak däl, pida oýnun
oýnap ölseň, mazaryňa
daş diksinler näçe beýik,
ýa diýsinler kitap ýazdy,
ýaşamasaň adam ýaly,
il busanda busman, turup,
ýazyp bilmän ýazmalyňy,
ýazmasyzy ýazsaň durup,
howpsuz ýere çykyp, yzda,
bolýar diýip ölmesem aç,
dogry, sypdy diýer biri,
beýlekisi diýer gülüp,
akyllydy, ýeser pahyr,
ýogsa beýle kän ýazmazdy.